HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Lýuksemburg ykdysady gatnaşyklary giňelder, şol sanda IT ulgamynda-da

Mart 22, 2023 | 19:39 |11105
Türkmenistanyň Belgiýadaky, Gollandiýadaky we Lýuksemburgdaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Söwda palatasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Sindi Tereba bilen duşuşdy. Diplomat, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze Türkmen şäheriniň – Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Pälwanow bu şäheriň ýurdymyzda ilkinji bolup «akylly», ekologiýa taýdan arassa şäher statusyna eýe boljakdygyny belläp, Lýuksemburg kompaniýalaryny sanlylaşdyrma, IT pudagynda ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanyp bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle hem «smart sity» ulgamlaryny dolandyrmak pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiligini öwrenmäge çagyrdy.Türkmenistanyň Belgiýadaky, Gollandiýadaky we Lýuksemburgdaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Söwda palatasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Sindi Tereba bilen duşuşdy. Diplomat, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze Türkmen şäheriniň – Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Pälwanow bu şäheriň ýurdymyzda ilkinji bolup «akylly», ekologiýa taýdan arassa şäher statusyna eýe boljakdygyny belläp, Lýuksemburg kompaniýalaryny sanlylaşdyrma, IT pudagynda ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanyp bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle hem «smart sity» ulgamlaryny dolandyrmak pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiligini öwrenmäge çagyrdy.
Çeşme: Belgiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy

Türkmenistanyň Belgiýadaky, Gollandiýadaky we Lýuksemburgdaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Söwda palatasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Sindi Tereba bilen duşuşdy. Diplomat, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze Türkmen şäheriniň – Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Pälwanow bu şäheriň ýurdymyzda ilkinji bolup «akylly», ekologiýa taýdan arassa şäher statusyna eýe boljakdygyny belläp, Lýuksemburg kompaniýalaryny sanlylaşdyrma, IT pudagynda ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanyp bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle hem «smart sity» ulgamlaryny dolandyrmak pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiligini öwrenmäge çagyrdy.

1.jpeg

Lýuksemburgyň IT tehnologiýalaryny ösdürmekde öňdebaryjylardan biridigini bellän Sindi Tereba, Beýik gersogyň kompaniýalarynyň elbetde bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirjekdigini we «akylly» Arkadag şäherini dolandyrmak baradaky tekliplerini taýýarlajakdygyny aýtdy. Ol palatanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri we gurallary döretmäge işjeň gatnaşýandygyny we Lýuksemburg kompaniýalaryna türkmen bazaryna girmegine kömek bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşykda taraplar şeýle hem iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda aragatnaşyk gurmak, mümkinçilikleri we güýjini öwrenmek, şeýle hem maýa goýumlary üçin iň peýdaly ugurlary gözlemekde platforma döretmek zerur diýen netijä geldiler.

2.jpeg

Duşuşygyň netijelerinden biri, ýakyn wagtda Lýuksemburgda ýa-da Aşgabatda Gersoglygyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryny, işewür toparlaryny we Türkmenistanyň ykdysady toplumyny birleşdirjek we garşylykly teklipleriň has mazmunly ara alnyp maslahatlaşylmagyna ýardam etjek tegelek stoly guramak baradaky ylalaşyk boldy.

Lýuksemburgyň SP-nyň Halkara gatnaşyklary boýunça ilçisi we müdiri, esasan, dünýädäki geo-ykdysady ýagdaýyň üýtgemeginiň fonunda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, Türkmenistan bilen Günbatar Ýewropa döwletiniň arasynda has ýakyn aragatnaşyk gurmagyň möhümdigini bellediler. Sapar Pälwanow, Türkmenistanyň Lýuksemburgda we umuman Ýewropa Bileleşiginde ykdysadyýetde ygtybarly hyzmatdaşdygyny görýändigini tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026