HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Lýuksemburg Türkmenistanyň täze Arkadag şäheri bilen tanyşýar

Mart 22, 2023 | 02:58 |10698
Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna ynanç hatyny gowşurmak üçin Lýuksemburga iş saparyny amala aşyrýar.Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna ynanç hatyny gowşurmak üçin Lýuksemburga iş saparyny amala aşyrýar.
Çeşme: предоставлено Посольством Туркменистана в Бельгии

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna ynanç hatyny gowşurmak üçin Lýuksemburga iş saparyny amala aşyrýar.

Resminamalary gowşurmak dabarasy 22-nji martda meýilleşdirilýär, sişenbe güni, 21-nji martda Pälwanowyň Lýuksemburg şäheriniň häkiminiň orunbasary Moris Bauer bilen duşuşygy bolup geçdi – diýip, ORIENT-e Belgiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.

Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy Lýuksemburg şäher häkimliginde Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi – täze Arkadag şäherini tanyşdyrdy.

IMG_0926-1.jpeg

Diplomat şäher hojalyk guramaçylygy ulgamynda, şol sanda durmuş-ýaşaýyş, howpsuzlyk ulgamlarynda, elektromobillere gönükdirilen ulag segmentinde we ş.m. häzirki zaman akylly çözgütleri durmuşa geçirmäge esaslanýan "akylly" şäheriň gurluşygynyň ileri tutulýan ugurlary we aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, dünýäde “akylly şäheriň” çylşyrymly infrastrukturasy noldan gurlan başga bir şäheri tapmak kyn. Hatda ösen ýurtlar, şol sanda Lýuksemburg hem, köne şäherleri “akylly” şäher elementleri bilen diňe bölekleýin enjamlaşdyrýarlar. Bu nukdaýnazardan Arkadag şäheri “smart-city” global hereketi üçin göreldeli mysal bolup biler.

Lýuksemburg şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryny Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyrmaga söz beren türkmen ilçisi Moris Bauer bilen iki paýtagt şäher - Lýuksemburg bilen Aşgabadyň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Diplomat türkmen tarapynyň dünýäniň dürli şäherleri bilen hyzmatdaşlygyň bu görnüşini üstünlikli durmuşa geçirýändigini, munuň telekeçilik, medeniýet, bilim we ş.m. ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

IMG_0927-1.jpeg

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow 2023-nji ýylyň ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Niderlandlarda we Lýuksemburgda diplomatik wekilhananyň başlygy wezipesine bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026