Habarlar

Çelýabinsk Türkmenistana ýokary tizlikli ýük otlylaryny goýbermäge taýynlanýarÇelýabinsk Türkmenistana ýokary tizlikli ýük otlylaryny goýbermäge taýynlanýar

Çelýabinsk Türkmenistana ýokary tizlikli ýük otlylaryny goýbermäge taýynlanýar

Çelýabinsk sebiti, geografiki, senagat we ilat mümkinçilikleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen daşarky gatnaşyklar sebäpli GRP (jemi sebit önümi) boýunça Russiýa Federasiýasynda öňdebaryjylardan birine öwrüler. Bu pikir, sebitiň başlygy Alekseý Teksler penşenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda sebitiň maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy diýip TASS habar berýär.

Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary ýörite howa gatnawy bilen Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugradyTürkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary ýörite howa gatnawy bilen Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugrady

Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary ýörite howa gatnawy bilen Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugrady

Penşenbe güni türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary haj parzyny berjaý etmek üçin Aşgabatdan Saud Arabystanyna ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda «Türkmenhowaýollary» agentligi zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawlary gurady.