HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow AADHGAÝ+MA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin birnäçe teklip hödürledi

Iýul 20, 2023 | 00:23 |7826
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýyň tagallalary birleşdirmäge we zerur kararlary kabul etmegine mätäçdigini aýtdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýyň tagallalary birleşdirmäge we zerur kararlary kabul etmegine mätäçdigini aýtdy.
Çeşme: sabq.org

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýyň tagallalary birleşdirmäge we zerur kararlary kabul etmegine mätäçdigini aýtdy.

F1ao8ZkXgAIJCmt-877x492.jpg

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Baştutany AADHGAÝ+MA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin birnäçe teklip hödürledi. Bu teklipleriň arasynda arap metbugaty aşakdakylary görkezdi:

― hemişelik mehanizm döretmek – AADHGAÝ+MA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy;

― ygtybarly logistika infrastrukturasyny, täze ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek üçin ulag boýunça ýörite komitet döretmek;

― bu ugurda köpçülikleýin hereket etmegiň mümkinçiliklerini seljermek we bu meselede maslahat bermek üçin Energetika boýunça Bilelikdäki Iş toparyny döretmek;

― söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we haryt dolanşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen AADHGAÝ+MA-nyň Söwda edarasyny döretmek.

Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga açykdygyny aýdyp, 2024-nji ýylda Aýlagdaky döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi we Merkezi Aziýa döwletleri üçin Türkmenistanda ilkinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi.

в текст.jpg

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, bu formatda medeni we ynsanperwer gepleşikler, daşky gurşaw geňeşi, üçin täze platforma döretmek, 2025-nji ýylda Aýlagdaky döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi we Merkezi Aziýa döwletleri Aşgabatda lukmançylyk konferensiýasyny geçirmek, şeýle hem AADHGAÝ+MA ýurtlarynyň halkara sport oýunlaryny guramak mümkinçiligine garamagy teklip etdi we Türkmenistanyň bu çäräni geçirmäge we oýunlara gatnaşyjylar üçin iň oňat şertleri döretmäge, olary döwrebap insfrastruktura bilen üpjün etmäge taýýardygyny belledi diýip, Sabq internet gazeti ýazýar.

Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde 19-njy iýulda ýokary derejede geçirilen duşuşyga ilkinji gezek bu görnüşde Geňeşiň agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem AADHGAÝ-nyň Baş sekretary gatnaşdy.

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026