Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bedenterbiýe we sport meseleleri boýunça bilermenler toparynyň mejlisine gatnaşdy

Iýul 19, 2023 | 22:28 |3699
Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agza döwletleriniň bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasy 19-njy iýulda GDA-nyň baş edarasynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agza döwletleriniň bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasy 19-njy iýulda GDA-nyň baş edarasynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti

Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agza döwletleriniň bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasy 19-njy iýulda GDA-nyň baş edarasynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn görnüşde geçirilen bilermenler toparynyň mejlisine Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy.

Hünärmenler 2024–2026-njy ýyllar üçin bu ugurdaky Hereket meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarladylar we ylalaşdylar. Strategiýa, milli sport guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Arkalaşygyň ýurtlarynyň bedenterbiýe we sport pudagynda hyzmatdaşlygyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, ugurlaryny we görnüşlerini kesgitleýär.

Bu maksatnama, bedenterbiýe hereketiniň ösüşi we ýokary sport üstünlikleri, höwesjeň we hünär sporty, çagalar we ýaşlar, mekdep we talyp sporty, milli sport, uýgunlaşma bedenterbiýesi, olimpik, paralimpik, deflimpiýsk (surdlimpiýsk) we ýörite olimpik hereketi bilen baglanyşykly bedenterniýe we sport pudagynyň aýratynlyklaryny görkezýär.

Taslama, şeýle hem, sport infrastrukturasynyň desgalaryny emele getirmegiň we işlemegiň, sport we köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek, bedenterbiýe we sport pudagynda işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär taýýarlygy, sport harytlaryny we hyzmatlaryny öndürijiler we üpjün edijiler bilen özara gatnaşyklary öz içine alýar.

Mejlisde meýilnamany GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň garamagyna bellenilen tertibe laýyklykda tabşyrmak kararyna gelindi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026