HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-nyň ykdysady meseleler boýunça Toparynyň mejlisine wekilçilik etdi

Iýul 20, 2023 | 11:49 |2960
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler boýunça Toparyň Moskwada geçen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler boýunça Toparyň Moskwada geçen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Çeşme: e-cis.info

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler boýunça Toparyň Moskwada geçen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň agza-döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli aspektlerini ara alyp maslahatlaşdylar, Arkalaşygyň pudaklaýyn hyzmatdaşlygynyň edaralarynyň işjeňligini seljerdiler.

Hususanda, 2024-2025-nji ýylalr üçin «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň ilatynyň saglygy» Strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna, GDA agza-döwletleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasion hyzmatdaşlygyň Döwletara maksatnamasynyň çäklerindäki tehnologiki platformalar hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyna seredildi.

Komissiýanyň agzalaryny GDA agza-döwletlerdäki gymmatbaha kagyzlaryň bazarynyň ýagdaýy bilen tanyşdyrdylar. Maglumatda biržanyň hünär gatnaşyjylarynyň düzümi, maliýe gurallary bilen söwdanyň möçberleri, bazar kapitalizasiýasy we görkezilen ulgamda düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça çäreler barada maglumat getirildi.

Delegatlar şeýle hem GDA agza-döwletleriň geodeziýa, kartografiýa, geoinformasion tehnologiýalar, belli bir aralykdan zond bilen anyklama ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçdiler. Mejlisde maliýe serişdeleriniň birnäçesine, şeýle hem GDA-nyň edaralarynyň büjetine degişli meselelere seredildi.

Toparyň indiki mejlisini 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026