HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi

Iýul 20, 2023 | 10:40 |5506
19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň ählumumy ulag dialogyna işjeň gatnaşmagy barada pikir alyşdylar, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara ulag infrastrukturasyna integrirlenmegi üçin bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, giňeltmäge we içerki ulaglary birleşdirmek üçin täze ulag we aragatnaşyk torlaryny döretmäge gönükdirilen giňişleýin milli maksatnamalaryň, şeýle hem ýurdumyzda multimodal ulagyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezleriniň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler.

B.Karimow halkara ulag geçelgeleriniň, awtoulag ýollarynyň ýagdaýyny we ösüşini gowulandyrmaga, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem ulag we ýüklerdäki päsgelçilikleriň sanyny azaltmaga ýardam etmäge gönükdirilen 6-njy halkara awtoulag ýörişiniň üstünlikli geçirilmegine ýardam edenligi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanda ýol gurluşygy pudagynda ýokary tehnologiýaly täzeçillikleriň ornaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026