

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Patyşanyň kasam gününiň dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň Milli baýramçylygy – Patyşanyň kasam gününe bagyşlanan reňkli dabaralara gatnaşdy.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň Milli baýramçylygy – Patyşanyň kasam gününe bagyşlanan reňkli dabaralara gatnaşdy.


Anna güni, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabat şährine resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.


Türkmenistanda ýurduň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibi işlenip taýýarlanylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren hasabatynda aýtdy.


Daşoguz welaýatyndaky türkmen-özbek serhet zolagynda häzirki zaman söwda merkezi gurlar. Gurluşyk 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlar we iki ýyldan, ýagny 2025-nji ýylda tamamlanar. Bu barada anna güni «Watan» habar ýaýlymynda habar aýdyldy.


Onuň gurluşygyny eýýäm noýabr aýynda tamamlamagy meýilleşdirýärler. Öý galyndylary üçin ilkinji tehnologiki taýdan ösen poligon Daşkent welaýatynda peýda bolar. Onuň çäginde zir-zibil gazyny çykarmak we soňraky elektrik energiýasy öndürmek üçin turbalar gurlar diýip, Özbegistanyň Ekologiýa, Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


Queen britan rok topary Angliýada diňlenme sanynyň bir millliarda ýetenligi üçin BPI (British Phonografiç Indastri) guramasyndan ýörite baýraga mynasyp boldy. Baýrak toparyň sazandalary Braýan Meýe we Rojer Teýlora gowşuryldy - diýip, “Variety” ýazýar.


Hestia – smartfony teleskopa öwürýän dünýädäki ilkinji enjamyň adydyr. Täze enjam size astronomiýa dünýäsine girmäge mümkinçilik berer - älem onuň bilen has ýakynlaşar we ýyldyzlary öwrenmek has aňsat bolar.


Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky hünär mekdebi türkmen abituriýentleri üçin tölegsiz okamak mümkinçiligini bererler – diýip, «Arkadag» gazeti habar berýär.


Türkmenistanyň we Täjigistanyň BMG-nyň Ženewadaky Bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilleri Atageldi Haljanow we Şaraf Şeralizoda iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem meseleleriň giň görnüşi boýunça dialogyň ýagdaýyna we gelejegine baha berdiler.


Ysraýylyň Türkmenistandaky diplomatiki missiýasy ýurtda bolmagynyň 10-ýyllygyny belledi. Bu mynasybetli dabaraly kabul edişlik 20-nji iýulda ysraýyl ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň DIM-niň baştutanynyň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň we Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatiki wekilhanalaryň baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolup geçdi.


Azerbaýjan Respublikasyna saglygyny berkitmek üçin baran daşary ýurtly syýahatçylar goşulan baha üçin salgytdan boşadylyp bilner. Bu barada “Trend” habarlar agentligi ýurduň Saglyk we bejeriş syýahatçylygy assosiasiýasynyň başlygy Ruslan Guliýewiň sözlerine salgylanyp habar berýär.


Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylary halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny, şol sanda dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň arasynda birinjiligi geçirmek mümkinçiligine seretdiler.


Özüniň Gruziýadaky diplomatiki missiýasyny tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi Dowletmyrat Myradow ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen duşuşdy – diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.


Günorta Koreý kompaniýasy Samsung Galaxy Ring «akylly» ýüzügi işläp düzmäge başlady, ol saglyk görkezijilerini gözden düşürmezlige mümkinçilik berer- diýip, 3dnews.ru ýazýar.


А-92 kysymly awtoulag benzini (her tonnasynyň bahasy-$731,75) we «B» kysymly karbamid (her tonnasynyň bahasy - $248) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda penşenbe güni, 20-nji iýulda söwdalaşyklaryň özeni boldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.