HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-özbek serhet zolagynda söwda merkezi gurlar

Iýul 21, 2023 | 22:39 |7490
Daşoguz welaýatyndaky türkmen-özbek serhet zolagynda häzirki zaman
söwda merkezi gurlar. Gurluşyk 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlar we
iki ýyldan, ýagny 2025-nji ýylda tamamlanar. Bu barada anna güni
«Watan» habar ýaýlymynda habar aýdyldy.Daşoguz welaýatyndaky türkmen-özbek serhet zolagynda häzirki zaman
söwda merkezi gurlar. Gurluşyk 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlar we
iki ýyldan, ýagny 2025-nji ýylda tamamlanar. Bu barada anna güni
«Watan» habar ýaýlymynda habar aýdyldy.
Çeşme: yuz.uz

Daşoguz welaýatyndaky türkmen-özbek serhet zolagynda häzirki zaman söwda merkezi gurlar. Gurluşyk 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlar we iki ýyldan, ýagny 2025-nji ýylda tamamlanar. Bu barada anna güni «Watan» habar ýaýlymynda habar aýdyldy.

Ozal, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistan we Özbegistan häkimýetleriniň arasynda türkmen-özbek serhet söwda zolagyny we söwda merkezini döretmek barada şertnama gol çekildi. Taslamany durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti degişli karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine türkmen-özbek serhet zolagynda söwda merkezini taslamak we gurmak üçin alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli Merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş we gurluşyk bölümi bilen şertnama baglaşmak tabşyryldy. Taslama, şeýle hem, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmagy, aragatnaşyk, elektrik we suw üpjünçiligi üçin daşarky inženerlik ulgamlarynyň düşelmegini göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026