HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy bilen duşuşdy

Iýul 22, 2023 | 00:20 |10090
Anna güni, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň
wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabat şährine resmi sapar bilen gelen Koreýa
Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.Anna güni, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň
wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabat şährine resmi sapar bilen gelen Koreýa
Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.
Çeşme: orient.tm

Anna güni, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabat şährine resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.

Duşuşygyň başynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy özüne ýokary sylagyň - “Bitaraplyk” ordeniniň berlendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.

Duşuşykda, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklar işjeňleşdirilendigi aýdyldy. Şunda ýokary parlament derejesinde amala aşyrylýan özara saparlara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran sapary we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ýurdumyza şu gezekki sapary parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ýolundaky möhüm ädimler bolup durýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy, gazhimiýa pudagynda birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga uly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek üçin hem mümkinçilikler bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026