

“Android 14” hemra aragatnaşygyna birikdiriler
“Android 14” ulgamy bilen dolandyrylýan smartfonlar arkaly hemra aragatnaşygynyň üsti bilen SMS alşyp bolar. Bu barada “GooglePixelFC” habar berýär.


“Android 14” ulgamy bilen dolandyrylýan smartfonlar arkaly hemra aragatnaşygynyň üsti bilen SMS alşyp bolar. Bu barada “GooglePixelFC” habar berýär.


Dürli 400 hünärden geň galdyryjy san, Ýewropa Bileleşiginiň ýa-da Şengen sebitiniň azyndan bir agza döwletinde ýeterlik däl diýlip hasaplanyldy we beýleki 321 kär bu ýurtlaryň azyndan birinde artykmaçlyk hökmünde görkezildi.


21-nji iýulda Azerbaýjanyň Baku şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň gümrük dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy iş maslahaty geçirildi.


Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýanyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


Gazagystanyň kliniki hassahanalarynda öý haýwanlaryny çipleme arkaly hasaba almak işine girişildi. 1-nji sentýabra çenli ähli itler we pişikler doly hasaba alynmaly. Haýwanyň eýesi çip goýdurmakdan ýüz dönderen ýagdaýynda, oňa jerime salnar – diýip, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi habar berýär.


Özbek mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary mini-çişlikler we lezzetli somsalar bilen iýmitlendirip başladylar. Täze synag menýusy 1- nji iýundan 1-nji sentýabr aralygynda Daşkendäki birnäçe çagalar bagynda işe girizildi. Soňra mugallymlaryň pikirlerini we tekliplerini, şeýle hem ene-atalaryň isleglerini göz öňünde tutup, tutuş ýurt boýunça täze azyk ulgamyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär diýip, «Özbegistan 24» teleýaýlymynyň habarynda aýdylýar.


Malaýziýa motosikl ekspedisiýasynyň sürüjileri London-Kuala-Lumpur ugry boýunça 21-nji iýulda 16 ýurdy öz içine alýan 19-njy nokady bolan Türkmenistana üstünlikli ýetdiler.


Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Merkezi Aziýa döwletleri bilen ösdürilýän hyzmatdaşlyga oňyn baha berdi. Bu barada “Trend” habarlar agentligi Şuşa şäherinde geçirilen ählumumy mediaforumyna salgylanyp habar berýär.


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 21-nji iýulda geçirilen söwdalarda umumy bahasy 4,3 million dollar bolan söwda geleşikleriň 11-si baglaşyldy. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen 105 müň tonna karbamidi 2,7 million amerikan dollaryna satyn aldy.


Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy Patyşalykda düýe hojalygynyň ösüşini üpjün etmek üçin Sawani kompaniýasynyň döredilýändigini yglan etdi.


Emeli intellekti öwretmek üçin Condor Galaxy 1 (CG-1) atly dünýäde iň güýçli superkompýuter görkezildi.


Gyrgyzstanda ýurtda «ýaşyl» binalaryň gurluşygyny öňe sürjek ekologiki gurluşygyň Geňeşi döredildi.


Türkmenistanyň wekilleri GDA agza-döwletlerden beýleki delegatlar bilen bir hatarda syýahatçylykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2024-2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny gutarnykly işlemek we ylalaşmak boýunça bilermen toparynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.


Türkmenistanyň halkara işini has-da işjeňleşdirmek maksady bilen wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde ýurduň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişi we Daşary işler ministrliginiň işi bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri berdi.


Türkmenistan iri halkara sergilerinde, şol sanda Ýaponiýada geçiriljek World Expo Osaka 2025 we oktýabr aýynda Katarda daşky gurşawy goramak, çölleşmegiň öňüni almak, suw tygşytlamak we abadanlaşdyryş tehnologiýalaryna bagyşlanyp geçiriljek Expo 2023 Doha ýaly sergilere gatnaşmaga taýýarlyk görýär.