Habarlar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ekologiýa boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýärAmerikanyň Birleşen Ştatlary ekologiýa boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ekologiýa boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Grow This: West Virginia Garden Challenge” taslamasyna gatnaşyjy, ýurduň Kleý şäheriniň ýaşaýjysy Şerri Uiwer Günbatar Wirjiniýa ştatynyň Morgantaun şäheriniň ýaşaýjylary bilen iň uly ekologiýa sapagyny geçirip, bu boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär. Bu ekologiýa sapagy taryhda bagçylyk boýunça iň ulusy bolar diýip, “WDTV” teleýaýlymy habar berýär.

Daşkende Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildiDaşkende Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Daşkende Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demirýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Daşkende «Türkmendemiryollary» («Türkmen demir ýollary») we «O'zbekiston Temir Yo'llari» («Özbek demir ýollary») agentlikleriniň wekilleri tarapyndan ara alyp maslahatlaşdy. Gepleşiklerde taraplar birnäçe möhüm mowzugy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Podrobno.uz habar berýär.

Täjigistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gümrük işi bilen tanyş boldularTäjigistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gümrük işi bilen tanyş boldular

Täjigistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gümrük işi bilen tanyş boldular

26-njy iýulda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.