Habarlar

Türkmenistan Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» ýaşlar forumyna gatnaşdyTürkmenistan Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» ýaşlar forumyna gatnaşdy

«Bir guşak, bir ýol» halkara ýaşlar forumy 26-njy iýulda (HHR) Gansu welaýatynyň Lunnan şäherinde geçirildi. Sammite Hytaýdan we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan 100 töweregi ýaşlar gatnaşdy. Gurultaýda Türkmenistana Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow wekilçilik etdi diýip, China Daily habar berýär.

Durnukly syýahatçylygyň ösdürilişi boýunça Dubaýyň myhmanhanalary sylaglanarDurnukly syýahatçylygyň ösdürilişi boýunça Dubaýyň myhmanhanalary sylaglanar

Durnukly syýahatçylygyň ösdürilişi boýunça Dubaýyň myhmanhanalary sylaglanar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň myhmanhanalary durnukly syýahatçylygy ösdürmekde eden tagallalary üçin altyn, kümüş we bürünç markalar bilen belgilener. “Dubaýyň durnukly syýahatçylyk markalary” durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde, energiýany we beýleki tebigy serişdeleri tygşytly ulanmakda we kömürturşy bitaraplygyny gazanmakda myhmanhanalaryň edýän tagallalaryny görkezmekde ähmiýetli bolar.

Teknofest tehologiki festiwaly startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhletini uzaltdyTeknofest tehologiki festiwaly startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy

Teknofest tehologiki festiwaly startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy

Türkiýede her ýylda geçirilýän aerokosmiki we tehnologiki innowasiýalaryň dünýä festiwaly Teknofest startaplaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň möhletiniň uzaldylýandygyny yglan etdi. Indi ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Bu barada ORIENT-e Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet we syýahatçylyk Bölüminde habar berdiler. Möhletiň uzaldylmagy dürli ýurtlardan işläp düzüjileriň topary tarapyndan bäsleşige uly gyzyklanma bildirilmegi bilen baglanyşyklydyr.