Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ekologiýa boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär

Iýul 27, 2023 | 23:23 |49495
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Grow This: West Virginia Garden Challenge” taslamasyna gatnaşyjy, ýurduň Kleý şäheriniň ýaşaýjysy Şerri Uiwer Günbatar Wirjiniýa ştatynyň Morgantaun şäheriniň ýaşaýjylary bilen iň uly ekologiýa sapagyny geçirip, bu boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär. Bu ekologiýa sapagy taryhda bagçylyk boýunça iň ulusy bolar diýip, “WDTV” teleýaýlymy habar berýär.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Grow This: West Virginia Garden Challenge” taslamasyna gatnaşyjy, ýurduň Kleý şäheriniň ýaşaýjysy Şerri Uiwer Günbatar Wirjiniýa ştatynyň Morgantaun şäheriniň ýaşaýjylary bilen iň uly ekologiýa sapagyny geçirip, bu boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär. Bu ekologiýa sapagy taryhda bagçylyk boýunça iň ulusy bolar diýip, “WDTV” teleýaýlymy habar berýär.
Çeşme: collegegridirons.com

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Grow This: West Virginia Garden Challenge” taslamasyna gatnaşyjy, ýurduň Kleý şäheriniň ýaşaýjysy Şerri Uiwer Günbatar Wirjiniýa ştatynyň Morgantaun şäheriniň ýaşaýjylary bilen iň uly ekologiýa sapagyny geçirip, bu boýunça Türkmenistanyň rekordyny gaýtalamak isleýär. Bu ekologiýa sapagy taryhda bagçylyk boýunça iň ulusy bolar diýip, “WDTV” teleýaýlymy habar berýär.

Bu okuw sapagyny şäheriň “West Virginia” beýsbol meýdançasynda gyzykly oýun tomaşasyndan soň geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu başlangyjy öňe sürýän Şerri Uiwer bagçylyk boýunça uly tejribe toplan oba hojalykçy hökmünde tanalýar. Şerri Uiweriň bellemegine görä, ol beýsbol meýdançasynda bagçylyk boýunça toplan tejribesini bu ýere ýygnanan giň jemgyýetçilik bilen paýlaşmaga örän höwesjeň. Mälim edilişine görä, bu başlangyja gatnaşmaga isleg bildirenleriň sany 16 müň adamdan geçýär. Okuw sapagynda Şerri Uiwer bagçylyk pudagynda gaýtadan işlenilen serişdeleri ulanmak boýunça tejribelerini paýlaşar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde açyk asmanyň astynda «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirilipdi. 500 adamyň gatnaşan okuw sapagynda oba hojalyk işleri, bagçylyk, miweli baglardan üzümiň ýetişdirilişi, onuň dürli sortlary, üzümiň peýdasy, baglara ideg etmek barada giňişleýin söhbet edildi.

Ekologiýa boýunça Türkmenistanda geçirilen başga bir okuw sapagy hem Ginnesiň rekordlar kitabyna iň uly ekologiýa çäresi hökmünde girizilipdi. 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Ekologiýa we durnukly ösüş” diýlip atlandyrylan bu köpçülikleýin ekologiýa çäresine 3 müňden gowrak adam gatnaşypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026