HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Balkan welaýatynda suw üpjünçiligi gowulandyrylar

Iýul 27, 2023 | 21:57 |8457
Balkan welýatynyň häkimligi sebitiň suw üpjünçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak üçin gurluşyk serişdelerini we enjamlaryny stayn almak boýunça açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.Balkan welýatynyň häkimligi sebitiň suw üpjünçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak üçin gurluşyk serişdelerini we enjamlaryny stayn almak boýunça açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Çeşme: pixabay.com

Balkan welýatynyň häkimligi sebitiň suw üpjünçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak üçin gurluşyk serişdelerini we enjamlaryny stayn almak boýunça açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Oňa laýyklykda, Türkmenbaşy şäheriniň suw, lagym we eltiji ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin serişdeleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gije-gündizde 50 müň kub metr, Gyýanly şäherinde hem gije-gündizde 70 müň kub metr deňiz suwuny arassalaýjy desgalaryň enjamlaryny satyn almak maksat edilýär. Şeýle hem, “Jebel – Hazar” suw geçiriji ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, “Gyzylarbatagzysuw” birleşigi üçin enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigi üçin ýokary basyşly suw nasoslaryny, elektrik hereketlendirijileri, Oglanly şäherçesindäki agyz suwuny arassalaýjy desgasy we Bereket suw paýlaýjy desgasy üçin enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, welaýat agyz suw birleşiginiň suw üpjünçilik desgalaryny abadanlaşdyrmak üçin serişdeleri we enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň ýüztutmalary 4-nji sentýabra çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026