Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Täjigistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gümrük işi bilen tanyş boldular

Iýul 27, 2023 | 21:20 |3386
26-njy iýulda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.26-njy iýulda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Çeşme: customs.gov.tm

26-njy iýulda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Çäräniň maksatnamasy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we Täjigistanly wekiliýetiň ikitaraplaýyn duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda wekiliýet Türkmenistanda gümrük işiniň taryhy, Gümrük gullugynyň döreýşi, häzirki wagtda alnyp barylýan işler, gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan sanly ulgam, täze tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy.

Soňra myhmanlar Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda döredilen iş şertleri bilen tanyşdylar, bu ýerde döredilen seljeriş merkezini gördüler. Bu seljeriş merkezinde ähli gümrük nokatlaryna merkezleşdirilen gözegçilik amala aşyrylýar. Binanyň birinji gatynda ýerleşýän muzeýe, şeýle-de sport enjamlary bilen abzallaşdyrylan otaga hem-de sport zalyna baryp gördüler. Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminde myhmanlar ASYCUDA WORLD maglumat ulgamynyň işi bilen tanyşdylar. Bu ulgam Türkmenistanyň gümrük edaralaryna 2020-nji ýylda ornaşdyrylyp, häzirki wagtda ulgamdan doly derejede peýdalanylýar.

Mundan başga-da, Täjigistanyň wekiliýeti Halkara Gümrük Terminalyna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine baryp gördüler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026