

Orban Serdar Berdimuhamedowy ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyşyna çagyrdy
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýollan çakylygynda, döwlet Baştutanymyzy Budapeştde geçiriljek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna çagyrdy. Bu barada Türkmen döwlet telewideniýe we radiosynyň agşamky ýaýlymynda habar berildi.



















