

ABŞ-nyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny bilelikdäki sammite gatnaşmaga çagyrdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda geçiriljek "Merkezi Aziýa + 1" görnüşdäki döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada ABŞ-nyň Hökümetiniň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ýollan hatynda mälim edilýär.




















