Habarlar

DIM: Türkmenistan hemişe Hazaryň gün tertibiniň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlar bilen gepleşiklere taýýarDIM: Türkmenistan hemişe Hazaryň gün tertibiniň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlar bilen gepleşiklere taýýar

DIM: Türkmenistan hemişe Hazaryň gün tertibiniň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlar bilen gepleşiklere taýýar

Hazar deňziniň güni mynasybetli Hazar ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň ilçileriniň we diplomatlarynyň we bilermenleriň gatnaşmagynda Türkmenistanda çäreler geçirmek – bu diňe bir däp däl. Bu, häzirki wagtda içerki we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan Hazar deňziniň meselelerine Türkmenistanyň berýän ähmiýetiniň we ünsüniň subutnamasydyr. Bu barada wise-premýär, Daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda Awazada Hazar deňzi boýunça geçirilen halkara konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hyzmatlary hödürleýär“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hyzmatlary hödürleýär

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hyzmatlary hödürleýär

“Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa ýük daşamalaryndaky resmi agenti hökmünde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçarlar arkaly ýük gatnawlarynda ýükleriň ýol hatlaryny resmileşdirip bermek, şeýle hem gümrük amallaryny ýerine ýetirmäge ygtyýarly Gümrük dellaly hökmünde gümrük düzgünnamasyna laýyklykda, harytlary deklarasiýalaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýär.

Türkmen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Hazarda parahatçylyk we dostluk dialogy üçin platforma bolarTürkmen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Hazarda parahatçylyk we dostluk dialogy üçin platforma bolar

Türkmen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Hazarda parahatçylyk we dostluk dialogy üçin platforma bolar

Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda «Hazar deňzi - Parahatçylyk we dostluk deňzi» atly halkara konferensiýasy öz işine başlar. Dialoga Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň, Ianyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşar.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul edişlik gyzgalaňly dowam edýär“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul edişlik gyzgalaňly dowam edýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul edişlik gyzgalaňly dowam edýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde we Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişlik dowam edýär. Okuwa kabul edişlik 2023-nji ýylyň 21-nji awgusta çenli amala aşyrylar. Ýaş raýatlarymyzy talyplyga dalaşgär bolmak üçin aşakdaky hünärler boýunça çagyrýarys:

BAE Türkmenistanyň demir ýoly arkaly Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça üpjünçilik bilen gyzyklanýarBAE Türkmenistanyň demir ýoly arkaly Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça üpjünçilik bilen gyzyklanýar

BAE Türkmenistanyň demir ýoly arkaly Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça üpjünçilik bilen gyzyklanýar

EAEU bilen BAE ýurtlarynyň arasynda ýük daşamalary, şol sanda Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol arkaly gatnaw, 10-njy awgust penşenbe güni Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň Energetika we infrastruktura ministri Arzybek Kožoşew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Russiýa Federasiýasynda ilçi MohammadAhmad Al-Jaberiň arasynda geçirilen duşuşygyň mowzugy boldy.

Sungat söýüjileri üçin Ýewropanyň iň gowy şäherleriň sanawySungat söýüjileri üçin Ýewropanyň iň gowy şäherleriň sanawy

Sungat söýüjileri üçin Ýewropanyň iň gowy şäherleriň sanawy

Sungat söýüjiler we suratkeşler üçin Ýewropa şäherleriniň gyzykly reýtingi nemes kompaniýasy posterXXL tarapyndan edildi. Meşhurlyk görkezijisi, binalaryň meşhur binagärleri, sungat mekdepleri, sungat festiwallary tarapyndan döredilen çeperçilik galereýalarynyň möçberine, şeýle hem belli bir şäherde doglan häzirki zaman suratkeşleriniň we senetçileriniň sanyna we beýleki kriteriýalara esaslanyp hünärmenler tarapyndan «çykaryldy».