

Türkmenistanyň asmanynda ýagty asman jisimini synlap bolar
12 – 17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň asmanynda “Nişimura” diýlip atlandyrylýan ýagty asman jisimini synlap bolar. Bu kometa Ýer planetasynyň golaýyndan 437 ýylda bir gezek geçýär.


12 – 17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň asmanynda “Nişimura” diýlip atlandyrylýan ýagty asman jisimini synlap bolar. Bu kometa Ýer planetasynyň golaýyndan 437 ýylda bir gezek geçýär.


Wise-premýer we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Duşanbede Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.


14-15-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 4 sany resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.


Türkmenistanyň “Bilim hakynda” kanunyna laýyklykda jemleýji döwlet synaglaryny geçip bilmedik ýa-da kanagatlanarsyz baha alan talyplar bu synaglary 1 ýyldan soň gaýtadan tabşyryp bilýärler.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji mejlsine gatnaşar.


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti özara bilim goldawyny bermek boýunça şertnama baglaşdylar.


“Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlarynda kompaniýa degişli bolan “Lightning” portlaryna derek, indi “Type-C” portlary bolar. Täze portly smartfonlaryň ilkinjileri kompaniýanyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda sişenbe güni tanyşdyryldy.


Döwlet serhedini kesgitlemek boýunça türkmen-özbek topary Nukus şäherinde nobatdaky gezek duşuşdylar. Onda iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň mejlisine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy.


Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen geçirilen gepleşiklerde Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Russiýa multimodal ugruny işe girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şu ýylyň geçen 8 aýynda Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň pul hasabyndaky mukdary 13 milliard 609 million manatdan hem gowrak bolup geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,7 göterim artdy.


Sişenbe güni tamamlanan “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri bolan iň oňat ýaş bagşy sazandalar Aşgabatda sylaglandylar. Jemleýji tapgyrda 12 adam Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandy.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Diplomat Premýer-ministri türkmen ýolbaşçylarynyň adyndan bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady.


Özbegistan - Türkmenistan - Hazar deňzi - Russiýa iki ugurly multimodal ýoluň işe girizilmegi barada 12-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Transport ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň Transport ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew ara alnyp maslahatlaşdylar.


Täjigistanda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň 5 ýyllygy we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý möhürleri berildi.


Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Bäşinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlanmak we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjylaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu hepde, 14-15-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän - ýygnagyna taýýarlyk baradaky jemleýji maslahatlara gatnaşdylar.