

Türkmen hünärmenleri dopinge garşy bilim boýunça konferensiýa gatnaşdylar
Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň (NADAT) hünärmenleri «Dopinge garşy bilimiň çägi» halkara onlaýn sessiýasyna gatnaşdylar.


Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň (NADAT) hünärmenleri «Dopinge garşy bilimiň çägi» halkara onlaýn sessiýasyna gatnaşdylar.


Bütindünýä talyp oýunlarynyň Çendu (Hytaý) obasynda adaty bolmadyk ekologiýa çäresi geçirilýär, bu ýerde zibilleri we galyndylary ýadygärlik sowgatlara çalyşmak bolýar – diýip, “Hytaý panoramasy” gepleşiginde habar berildi.


Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen bişen we hoşboý ysly almalar her gün ýurduň ýerli bazarlara we söwda nokatlaryna iberilýär. «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alma baglary günde 4-5 tonna miwe «berýär». Hasyl dessine söwda nokatlaryna ugradylýar.


12-13-nji oktýabrda Astana şäherinde Merkezi Aziýada iň iri DigitalBridge 2023 atly tehnologik forum geçiriler.


Özbegistan Hazaryň üsti bilen Transhazar ugry boýunça ýük daşamalaryň artmagyna goşant goşjak öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Ulag we logistika ösüş meseleleri merkeziniň müdiri Bekzod Holmatow Report agentligine aýtdy.


Aşgabatdaky konsert möwsümi 20-nji awgustda ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşy bilen açylar. Olar paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny meşhur sowet, türkmen, rus we daşary ýurt filmleriniň aýdymlary ýerine ýetiriljek “Film, film, film!” atly aýdym-saz agşamyna çagyrýarlar.


GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri ýaryşyň öňüsyrasynda "Brest gahryman galasy" ýadygärlik toplumyna bardylar.


Aşgabatda IKA (Göreş boýunça halkara assosiasiýasy) wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport boýunça Döwlet komitetiniň wekilleriniň arasynda geçiriljek guşak göreşi boýunça dünýä çempionatyna taýýarlykga bagyşlanan duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow çarşenbe güni BMG-nyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň Ýaponiýa bilen aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Ýasuhiro Sumura bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşigi we ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy ýaşlaryň häzirki zaman hünär bilimlerini öwrenmekleri üçin goşmaça tomusky okuw maksatnamasyna dalaşgärleri kabul edýär. Bu taslama boýunça ozal hem ýaşlar bir tapgyr okadylypdy.


Awgust aýyndan başlap, eksporty ösdürmek üçin ýörite media platformasyny işe girizýäris - bu media platforma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslama bolup, ol önümiň hilini ýokarlandyrmak, standartlaryna laýyk gelmek, marketing, dünýä bazarlaryna girmek üçin bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmak, şeýle hem bu prosesleriň maglumat we metbugat goldawy ýaly meseleleri öz içine alýan eksport ekoulgamynyň ösüşi barada maglumat bermek arkaly türkmen hususy telekeçilere goldaw bermegi maksat edinýär.


Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow çarşenbe güni «Bolaşak» halkara maksatnamalar merkeziniň müdiriýetiniň başlygy Olžas Sakenow bilen duşuşdy.


Özbegistandaky «Çimgan» halkara ähli möwsümler üçin şypahanasynda sagatda 800 adamlyk kuwwatlylygy bolan maýatnik görnüşli beýik dag asma ýoly gurlar. Tanap arkaly işleýän dag demir ýoly 3309 metr beýiklige çykar we Merkezi Aziýada iň beýik desga bolar diýip Podrobno.uz habar berýär.


Ýewropanyň Bilim gaznasy ýaş, maksada okgunly adamlary, şol sanda türkmenistanlylary kommunikasiýa ugrunda diňleýji okuwlara çagyrýar. Diňleýjiler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine, metbugat beýanatlaryny we wideorolikleri taýýarlamaga ýardam bererler.


Çarşenbe güni agşam Hazaryň kenarynda, Awazada 10 günlük konsert-marafon başlandy. «Deniz» hojalyk jemgyýetiniň «Jadyly kenar» oýunlar seýilgähinde tomusky dynç alyşy tolgundyryjy aýdymlar we şatlyk bilen «düzetjek», türkmen estrada aýdymçylarynyň meýilnamalaşdyrylan ilkinji çykyşy geçirildi.