HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti “EKSPO - 2023” sergisine taýýarlyk görmek üçin Doha şäherinde iş saparynda boldy

Sentýabr 12, 2023 | 21:52 |7779
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary “EKSPO ─ 2023” halkara sergä taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Katar Döwletinde iş saparynda boldy we taýýarlyk meseleleri bilen baglanyşykly maslahata gatnaşdy.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary “EKSPO ─ 2023” halkara sergä taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Katar Döwletinde iş saparynda boldy we taýýarlyk meseleleri bilen baglanyşykly maslahata gatnaşdy.
Çeşme: cci.gov.tm

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary “EKSPO ─ 2023” halkara sergä taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Katar Döwletinde iş saparynda boldy we taýýarlyk meseleleri bilen baglanyşykly maslahata gatnaşdy.

“EKSPO ─ 2023 Doha” halkara sergisi 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» atly şygar bilen geçiriler. Maslahata gatnaşmak üçin 70-den gowrak ýurtdan wekiliýet çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine gurluşyk meýdançasyny we sergi zolaklaryny dolandyrmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, saglyk, howpsuzlyk, ulag, logistika we aragatnaşyk meseleleri hem-de bu halkara sergisiniň geçýän wagtynda çärä gatnaşýanlara hödürlenýän hyzmatlar we başga-da birnäçe meseleler girizildi.

Maslahata serginiň guramaçylyk toparynyň Baş komissary Bader Al Dafa, Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitriý Kerkenzes, Halkara bagbançylyk birleşiginiň Baş sekretary Braýrklif gatnaşdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow bilen Baş komissar Bader Al Dafanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşik geçirildi. Onda taraplar Türkmenistanda we Katar döwletinde aýratyn ähmiýet berilýän daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, EKSPO ─ 2023” sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere uly üns berildi. Saparyň çäklerinde gurluşyk we daşky bezeg işleriniň gidişi bilen tanyşmak üçin sergi meýdançasyna gezelenç guraldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026