HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Akylly" syýahatçylyk we göni howa gatnawlary: Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi

Sentýabr 12, 2023 | 19:50 |3743
Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Pandemiýa hadysalaryndan soň, syýahatçylygy nädip janlandyrmaly? Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri koreý syýahatçylaryna näme teklip edip bilýär? Bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi nähili? Şu we beýleki soraglar "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda we beýleki 5 döwletiň ilçihanalarynyň ýardam bermeginde Seul şäherinde geçirilen "tegelek stol" maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda syýahatçylyk pudagynyň ösüşi, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. "Akylly" syýahatçylygyň üstünlikli tejribesini öwrenmegiň we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

"Tegelek stol" maslahatynyň barşynda türkmen tarapy gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideoşekiller görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026