Habarlar

Rus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylarRus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylar

Rus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arheologlary RYA-nyň etnologiýa we antropologiýa institutyndan kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanda geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň barşynda näbelli gadymy tagta oýny üçin doly toplumyň üstünden bardylar. Bu barada RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň müdiri Andreý Polýakow TASS-da geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere mälim etdi.