Türkmenistanyň asmanynda ýagty asman jisimini synlap bolar


12 – 17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň asmanynda “Nişimura” diýlip atlandyrylýan ýagty asman jisimini synlap bolar. Bu kometa Ýer planetasynyň golaýyndan 437 ýylda bir gezek geçýär.
Asman jisimini ýakynladyjy enjam ulanmazdan, şäherden uzakda arassa asman giňişliginde synlap bolar. Ol gündogar gözýetimde daň agarmazan ozal, birnäçe sagatlap görner. Asman jisimini synlamak üçin iň gowy wagt şu gün – 13-nji sentýabrdyr. Bu gün asman jisimi Ýere iň golaý gelýär.
Asman jisiminiň nirededigini anyklamaga “Star Walk 2” ýa-da “Sky Tonight” mobil goşundylary hem ýardam eder. “Nişimura” kometasynyň reňki ýaşyl öwsüp, onuň ýagtylygy 4-5 ýyldyz ululygyna deňdir. Onuň bu aýratynlygy kometany dürbüsiz synlamaga mümkinçilik berýär.
ORIENT news








