AFK FIFA-nyň prezidentiniň gatnaşmagynda Daşkentde maslahat geçirdi


AFK-nyň agza birleşikleriniň we sebit birleşikleriniň ýolbaşçylaryny we baş sekretarlaryny bir ýere jemlän Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) konferensiýasy Daşkentde (Özbegistan) tamamlandy. Maslahata Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino hem gatnaşdy.
Maslahatyň maksady Aziýa sebitinde futbolyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem AFK bilen FIFA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boldy. Maslahatyň dowamynda ýygnananlar halkara ýaryşlaryny guramak we geçirmek, aýal-gyzlar we ýaşlar futbolyny ösdürmek, eminleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem sosial we sanly metbugatda futboly wagyz etmek bilen baglanyşykly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekiliýeti hem gatnaşdy. AFK konferensiýasy şu ýyl Aziýanyň futbol senenamasyndaky iň möhüm wakalaryň birine öwrüldi
ORIENT news








