Hançžou şäherinde tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi


Ýekşenbe güni agşam, Hytaýyň Hançžou şäherinde XIX Aziýada oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi, şonda sport festiwalynyň netijeleri jemlenip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy indiki oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Ýoniýanyň Nagoýe şäherine gowşuryldy.
Dabara giňeldilen hakykat tehnologiýalarynyň kömegi bilen gülleýän baga öwrülen “Big Lotus” stadionynda geçirildi. Stadionyň meýdançasynda Aziýanyň gülläp ösmegini we Aziýa medeniýetleriniň dürlüligini alamatlandyrýan 19 sany ullakan osmantus güli gülledi. Her gül Aziýa oýunlarynda görkezilen 19 düzgünleri görkezýärdi.
Dabara Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Tsýan gatnaşdy, ol Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary we guramaçylary çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Randhir Singh Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan ýapylýandygyny yglan etdi we görlüp-eşidilmedik üstünlik üçin Hytaý Hökümetine, Hytaýyň Olimpiýa komitetine, Hançžou halkyna we guramaçylyk toparyna minnetdarlyk bildirdi.
Ondan soň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň gubernatoryna we 2026-njy ýyldaky Aziýa oýunlaryny kabul edýän şäher Nagoýeniň häkiminiň orunbasaryna gowşurmak dabarasy boldy.
Ýapylyş dabarasy reňkli feýerwerkler we hytaýly hem-de aziýaly tanymal sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-saz görkezilişi bilen tamamlandy. Olar Aziýa, sport we parahatçylyga bagyşlanan aýdymlary aýtdylar.
Bu ýaryşlara gatnaşan türkmen türgenleri jemi 7 medal gazandylar - bir kümüş we alty sany bürünç. Dzýudoçy Maýsa Pardaýewa, boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow, erkin göreş boýunça pälwan Döwletmyrat Orazgylyjow, kuraş boýunça Işanmyrat Ataýew we Aýnur Amanowa, karate boýunça Baýry Baýryýew bürünç medallara eýe boldular. Kuraş ussady Tejen Tejenow türkmen toparyna kümüş medal getirdi.
Aziýa oýunlarynyň 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçirilendigini ýatladýarys. Hançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlary ilkibaşda 2022-nji ýylyň 10-25-nji sentýabry aralygynda geçirilmelidi, ýöne “Covid-19” pandemiýasy sebäpli ýaryş 2023-nji ýyla yza süýşürildi.
Jemi Aziýanyň 45 ýurdundan 15 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Oýunlarda sportuň 40 görnüşi boýunça 481 medallar toplumy gowşuryldy.
Türkmen türgenleri ýurda sportuň 3x3 basketbol, boks, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş göreşi, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu ýaly görnüşleri boýunça wekilçilik etdiler.
ORIENT news








