Habarlar

V Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilerV Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçiriler

V Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçiriler

V Wena baly Arkadag şäherinde 11-nji oktýabrda sagat 18:00-da şäher häkimliginiň binasynyň golaýynda geçiriler. Bu çäre, Awstriýanyň paýtagtynyň meri (häkimi) Mihael Lýudwigiň howandarlygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Türkmen-Awstriýa jemgyýeti tarapyndan gurnalýar. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bu barada ORIENT-e habar berdi.

TSSP-sy saglygy goraýyş, bilim we sport pudaklarynda gazanylanlaryň sergisine çagyrýarTSSP-sy saglygy goraýyş, bilim we sport pudaklarynda gazanylanlaryň sergisine çagyrýar

TSSP-sy saglygy goraýyş, bilim we sport pudaklarynda gazanylanlaryň sergisine çagyrýar

Sişenbe güni, 10-njy oktýabrda Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport pudaklarynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan halkara sergi açylýar. Söwda-senagat palatasy, daşary ýurt kompaniýalarynyň we içerki kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýän sergini görmäge çagyrýar. Öz stendlerini degişli ministrlikler, edaralar, bilim edaralary we degişli guramalar hem gurarlar.