Medwedew: Russiýanyň we Türkmenistanyň özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy sebitiň bähbitlerine laýyk gelýär


Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary, ozalky Prezident Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň howpsuzlyk bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
“Bilelikdäki netijeli işimiziň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmegiň bähbidine gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýlip, hatda bellenýär.
Dmitriý Medwedew 2023-nji ýylda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, Russiýanyň we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanandyklaryny hem belledi.
ORIENT news








