HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmek Gazagystana geçirildi

Ýanwar 04, 2024 | 00:36 |8533
2024-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasyna geçirildi.2024-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasyna geçirildi.
Çeşme: gazeta.uz

2024-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasyna geçirildi. Geljek 3 ýylyň dowamynda Gazagystan bu gaznada başlyklyk eder. Ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2026-njy ýylyň ahyryna çenli AHHG-niň ýolbaşçysy saýlandy.

Gazagystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňzini halas etmek we sebitdäki ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki döwletara ekologiýa, ylmy-amaly maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle-de umumy durmuş we daşky gurşaw meselelerini çözmek babatda işleri durmuşa geçirýär.

“Biz Merkezi Aziýa döwletleri we beýleki halkara guramalary we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýäris. Şu ýyl Bütindünýä Banky bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Demirgazyk Aral deňzini gorap saklamak boýunça taslamanyň ikinji tapgyryna badalga bermegi meýilleşdirýäris. Araly halas etmegiň diňe AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň bilelikdäki tagallalary arkaly amala aşyrylyp bilinjek möhüm wezipedir. Öňümizdäki 3 ýylda bu ugurda möhüm netijeleri gazanmagy meýilleşdirýäris"-diýip, Gazagystan Respublikasynyň suw serişdeleri we suw üpjünçilik ministri Nuržan Nuržigitow belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026