

ABŞ-da Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri saýlamak möwsümi başlandy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Respublikan partiýadan Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri saýlamak möwsümi başlandy.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Respublikan partiýadan Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri saýlamak möwsümi başlandy.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşgini yglan etdi.


Türkmenistanda sement önümçiligine ýöriteleşen iri senagat toplumlaryň biri “Bäherden” sement zawody ýyllyk önümçiligini 2,3 göterim artdyrdy. Kärhana tarapyndan geçen ýylda öndürilen sementiň möçberi 1 million 3 müň tonna barabardyr.


Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.


2024-nji ýylyň 1-nji martyndan Özbegistanda telekeçiligiň subýektleri üçin ygtyýarnamalaryň we rugsatnamalaryň 16 görnüşi ýatyrylar. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bu çözgüdi işewürligi alyp barmagyň ýönekeýleşdirilmegine we administratiw päsgelçilikleriň azaldylmagyna gönükdirilendir.


«Türkmen klýukwasy» ýa-da çägemik Türkmenistanyň «Gyzyl kitabyna» girizilen Gaplaňgyrda ösýän dermanlyk ösümlikdir. Onuň ösýän ýerleriniň bir bölegi ýurduň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzümine girýän Sünt-Hasardag, Köpetdag, Gaplaňgyr we Bathyz döwlet tebigy goraghanalarynda goralýar.


Himiýa serişdelerini öndüriiji iri «BASF» kompaniýasy bilen baglanyşygy bolan maşgalasyndan pul miras alan 31 ýaşly Marlen Engelhorn baýlygynyň ilatyň arasynda paýlanylmalydygyna ynanýar.


11-nji ýanwarda Hytaýyň iň demirgazygynda ýerleşýän Heýlunszýan welaýatynyň paýtagty Harbin şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek 9-njy Gyşky Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan şygary, nyşany we şekilini tanyşdyrdy.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarda polipropilen we türkmen halylary satyldy.


Türkmenistanyň resmi metbugatynda aspirantura girmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy çap edildi.


"Kenarýaka ekosistemalaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça geosera inženerçiligi boýunça täze okuwlar" - 4-13-nji ýanwar aralygynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň onlaýn görnüşde gatnaşan master-sapaklarynyň we maslahatynyň ady şeýle atlandyryldy.


Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura, kliniki ordinatura we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň giriş sanyny tassyklaýan Karara gol çekdi.


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllar üçin Fulbraýt mugallymçylyk ussatlygy maksatnamasyna (Fulbraýt TEA) gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berdi. Bu maksatnama mugallymlar üçin niýetlenendir we olara mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga, dersler boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga we ABŞ barada has köp zat öwrenmäge mümkinçilik berýär.


12-nji ýanwarda, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu Tek ýurduň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezine baryp gördi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we ýurduň Hökümetiniň adyndan şeýle-de hut öz adyndan Daniýanyň Patyşasy Frederik X-y tagta geçmegi mynasybetli gutlady we iň gowy arzuwlaryny ýollady.