Türkmenistanyň iri sement zawody önümçiligini artdyrdy


Türkmenistanda sement önümçiligine ýöriteleşen iri senagat toplumlaryň biri “Bäherden” sement zawody ýyllyk önümçiligini 2,3 göterim artdyrdy. Kärhana tarapyndan geçen ýylda öndürilen sementiň möçberi 1 million 3 müň tonna barabardyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Sement zawodyň işgärleri 2022-nji ýyldakydan 23 müň tonna önümi artyk öndürmegi başardylar. Bellenişi ýaly, zawodyň öndürýän sement önümleri tutuş ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylýan gurluşyk desgalarynda giňden peýdalanylýar.
Ýokary önümçilik görkezijisi giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylmagynyň hasabyna sement önümlerine bolan islegiň artmagyn netijesinde gazanyldy. Zawodyň hünärmenleri şu ýylda hem ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy maksat edinýärler.
ORIENT news








