HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri saýlamak möwsümi başlandy

Ýanwar 16, 2024 | 12:43 |4783
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Respublikan partiýadan Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri saýlamak möwsümi başlandy.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Respublikan partiýadan Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri saýlamak möwsümi başlandy.
Çeşme: gzt-news.livejournal.com

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Respublikan partiýadan Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri saýlamak möwsümi başlandy.

15-nji ýanwarda ABŞ-nyň Aýowa ştatynda syýasy partiýalaryň we hereketleriň agzalarynyň ýygnanyşygy geçirildi. Prezidentlige dalaşgär bolmak hukugyna eýe boljaklaryň hatarynda ýurduň ozalky Prezidenti Donald Tramp, BMG-niň ýanyndaky ABŞ-nyň ozalky hemişelik wekili Niki Heýli, Floridanyň gubernatory Ron Desantis we işewür Wiwek Ramaswami bar.

Aýowa ştatyndan Respublikan partiýasynyň saýlawçylaryndan iň köp sesi Donald Tramp toplady. Ýagny, bu ştatdan Tramp 55,8 göterim, Rona Desantis 23,1 göterim, Nikki Heýli 20,8 göterim ses toplady.

Şol gün Demokratik partiýany goldaýan saýlawçylar hem ýygnak geçirdiler. Olarda ses berişlik ýakyn birnäçe hepdäniň dowamynda poçta arkaly geçiriler. Ses berişligiň netijeleri 5-nji martda belli bolar.

5-nji mart – saýlaw senenamasynda möhüm seneleriň birine öwrüler. “Super sişenbe” diýlip atlandyrylýan günde ABŞ-nyň 16 ştatynda we ada sebitlerinde içerki partiýa saýlawlary geçiriler.

ABŞ-da nobatdaky Prezident saýlawlaryny şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026