Habarlar

Türkmenistanda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredilerTürkmenistanda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi dörediler

Türkmenistanda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi dörediler

Döwletiň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi.

JICA wekilleri Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen demirýolçulary bilen duşuşdylarJICA wekilleri Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen demirýolçulary bilen duşuşdylar

JICA wekilleri Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen demirýolçulary bilen duşuşdylar

2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda milli ýük daşaýjy operatorlary, logistleri bilen ýurdumyzyň üstünden geçýän ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen demirýolçulary bilen geçelgeleriň geljegi boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.

Türkmenistanyň DIM-i Owganystany serhetaşa derýalaryň suw gorlaryna ylmy esasda çemeleşmäge çagyrdyTürkmenistanyň DIM-i Owganystany serhetaşa derýalaryň suw gorlaryna ylmy esasda çemeleşmäge çagyrdy

Türkmenistanyň DIM-i Owganystany serhetaşa derýalaryň suw gorlaryna ylmy esasda çemeleşmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran sapary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumaty köpçülige ýetirdi.