HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň zenanlary halkara baýramy bilen gutlady

Mart 08, 2024 | 12:31 |4885
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli eneleri we gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli eneleri we gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlady.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli eneleri we gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlady. Gutlag haty şu gün Türkenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

"Maşgalanyň sütüni hökmünde ýokary ahlaklylygyň nusgasy bolan eziz enelerimiziň mertebesini belentde tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir" diýlip, hatda bellenýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň kemala gelmeginde we abraýynyň belende göterilmeginde uly ähmiýetli ornuny bolandygyny belledi.

"Biz mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, belent ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçirip gelýän däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden amala aşyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda çekýän yhlasly hem-de netijeli zähmetine çäksiz buýsanýarys" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

"Sizi Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzda abadançylyk, bagtyýarlyk, durmuşyňyzyň bolsa mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we nurana bolmagyny arzuw edýärin" diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026