Habarlar

«Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi«Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi

«Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Magtymgulynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi.

Türkmen diplomaty Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdyTürkmen diplomaty Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen diplomaty Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň RF-iň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga daşary ýurtlaryň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň, Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň, Musulmanlaryň din işleri boýunça müdirliginiň, şeýle hem beýleki dini birleşikleriň wekilleri gatnaşdylar.