

Geçen ýyl Türkiýe syýahatçylyk pudagynda taryhy üstünlik gazandy
Dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk sebitleriniň biri bolan Türkiýe 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçyny özüne çekmek bilen, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 10% ösüş gazandy. Ýurduň syýahatçylyk pudagyndan gazanýan girdejisi 17% artyp, 54,3 milliard dollara ýetdi. Şunda myhmanlaryň bir gijede harçlaýan puly, ortaça, 99 dollara deňdir. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen mejlisde habar berdi.



















