

TDU we Gawr uniwersiteti: bilim ulgamynyñ geljegi baradaky dialog
23-nji maýda Fransiýanyñ Gawr uniwersitetiniñ prorektory Ž.-N.Kastorion we halkara aragatnaşyklar ditektory P.Bartelemi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardylar


23-nji maýda Fransiýanyñ Gawr uniwersitetiniñ prorektory Ž.-N.Kastorion we halkara aragatnaşyklar ditektory P.Bartelemi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardylar


19-22-nji maý aralygynda Mumbaý şäherinde geçirilen GS1 Halkara guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda GS1 Türkmenistan milli guramasynyñ identifikasiýa üçin global standartlary we çözgütleri işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlarynda maglumat ýygnamak we alyş-çalyş etmek bilen meşgullanýan bu abraýly guramasyna agza bolmagynyñ 10 ýyllygy dabaraly bellenildi


Türkmenistandan döredijilik topary 11-16-njy iýun aralygynda Dagystan Respublikasynda (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek “Daglylar” atly XXIII falkýor we däp-dessurlar medeni halkara festiwalyna gatnaşar. Bu barada Dagystanyň Hökümetiniň festiwalyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan ýygnagynda mälim boldy


24-nji maýda Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi


Türkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, aýratyn-da energetiki geçiş, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we degişli bilim infrastrukturasy meselelerine ünsi jemleýär


“Halkara parahatçylyk we ynanyşkak ýylynda” mynasybetli Türkmenistan her gününi Watanyň parahatçylygyna we agzybirligine buýsanmak duýgusy bilen belleýär


“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli 2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmen-Hindi maglumat tehnologiýalary merkezinde ýaşlaryň innowasion startap taslamalar bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi


2025-nji ýylyň 20–23-nji maýy aralygynda Italiýanyň Turin şäherinde **Hünär ussatlygy merkezleriniň (HUM)** döredilmegine we ösüşine bagyşlanan


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Aşgabat şäheriniñ güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV Halkara köpugurly sergisi açyldy


Maý aýynyň 19-na Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin Henan welaýatynyň Loýan şäherine eden barlag saparynyň dowamynda Hytaýyň döwrebaplaşma modelini ilerletmek üçin önümçilik pudagyny mundan beýläk hem güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy


Iýun aýynda birnäçe halkara senelere we ýurtda bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanyp medeni we sport çäreleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Hökümet mejlisinde habar berildi


Türkmenistanyň paýtagtynda 11-13-nji iýun aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi dünýäniň dürli künjeklerinden öňdebaryjy bilermenleri we dokma senagatynyň wekillerini bir ýere jemlär diýlip garaşylýar. Bu möhüm waka taýýarlyk işleri barada 23-nji maýda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi


«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy ýurdumyzyñ günbatar we günorta sebitlerinde täze nebit hem-de tebigy gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işlerini işjeň alyp barýar. Bu barada wise-premýer Batyr Amanow 23-nji maýda, anna gününde Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi


23-nji maýda, anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy


Tbilisidäki “Ahundowyň öýi” galereýasyn 23-nji maýda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ajýyp halyçylyk sungatynyň ýaýbaňlandyrylan ýerine öwrüldi. Iki ýurduň milli haly baýramlaryny birleşdirip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gruziýadaky ýerleşýän ilçihanalary Merkezi Kawkaz bilen çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklary görkezýän bilelikdäki sergini gurnady