HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýy we Marsy özleşdirmek meýilnamalary barada yglan etdi

Iýul 21, 2025 | 13:30 |4796
Bary-ýogy bir ýyl mundan ozal döredilen Günorta Koreýanyň kosmos agentligi (KASA) Aýy hem-de Marsy öwrenmek bilen baglanyşykly uzak möhletli giň gerimli meýilnamalaryny hödürlediBary-ýogy bir ýyl mundan ozal döredilen Günorta Koreýanyň kosmos agentligi (KASA) Aýy hem-de Marsy öwrenmek bilen baglanyşykly uzak möhletli giň gerimli meýilnamalaryny hödürledi
Çeşme: NASA

Bary-ýogy bir ýyl mundan ozal döredilen Günorta Koreýanyň kosmos agentligi (KASA) Aýy hem-de Marsy öwrenmek bilen baglanyşykly uzak möhletli giň gerimli meýilnamalaryny hödürledi. 17-nji iýulda Koreýanyň Milli barlag gaznasynda geçirilen maslahatlaşmalarda beýan edilen resminama bäş esasy wezipäni öz içine alýar: pes Ýer orbitasyny, mikrograwitasiýany, Aýy, Güni hem-de uzak kosmosy öwrenmek.

Aý maksatnamasynyň çäginde KASA Aýa gonuş we onuň ýüzünde hereket etmek boýunça özbaşdak tehnologiýalary işläp düzmegi meýilleşdirýär. Aýdaky serişdeleriň, şol sanda suw buzunyň gazyp alynmagy we ulanylmagy boýunça tehnologiýalara aýratyn üns berler. Käbir işler eýýäm alnyp barylýar: şeýlelikde, Koreýanyň Geologiýa we magdan serişdeleri instituty kömür käninde Aý robotlaryny synagdan geçirip, peýdaly magdanlary gazyp almak usullaryny barlap gördi.

Günorta Koreýa eýýäm Aý töweregindäki giňişlikde tejribe toplady — 2022-nji ýylyň awgust aýynda SpaceX Falcon 9 raketasynyň üsti bilen uçurylan Danuri atly Aý zondy üstünlikli ýagdaýda Aýyň orbitasyna çykdy we işini dowam etdirýär. Ilkibaşda robotlaşdyrylan Aý ulagynyň gonuşy 2032-nji ýyla meýilleşdirilse-de, täze meýilnamalara görä, 2040-njy ýyla çenli döwrebaplaşdyrylan Aý ulagynyň döredilmegi we 2045-nji ýyla çenli Aý bazasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, KASA ýurduň taryhynda ilkinji gezek 2045-nji ýyla çenli Marsa gonmagy maksat edinýär.

Häzirki wagtda bu batyrgaý kosmos taslamalarynyň durmuşa geçirilişi başlangyç tapgyrdadyr, emma Günorta Koreýanyň kosmos maksatnamasy örän çalt depginde ösýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026