Habarlar

Ženewada geçirilen ýaş liderleriň maslahatynda Türkmenistan özüniñ başlangyçlary bilen tanyşdyrdyŽenewada geçirilen ýaş liderleriň maslahatynda Türkmenistan özüniñ başlangyçlary bilen tanyşdyrdy

Ženewada geçirilen ýaş liderleriň maslahatynda Türkmenistan özüniñ başlangyçlary bilen tanyşdyrdy

BMG-niň goldawy bilen Italiýanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralan hem-de BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekiliýeti bilen hyzmatdaşlykda geçirilen "Future We Want – Global Initiative for Young Leaders" ("Arzuwymyzdaky geljegimiz - ýaş liderler üçin global başlangyç") atly halkara maslahaty ýaş liderleriň pikir alyşmagyna mümkinçilik döretdi

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambuldaky etnosport festiwalynda şöhle saçýar“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambuldaky etnosport festiwalynda şöhle saçýar

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambuldaky etnosport festiwalynda şöhle saçýar

22-nji maýda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly badalga aldy. Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan gurnalan bu çäre, 35 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda “Atatürk” howa menziliniň çäginde geçirilýär. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy

KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdyKazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy

KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy

Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçirilen KazanForum-2025 Russiýanyň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin netijeli platforma hökmünde uly islegden peýdalanýandygyny we halkara gyzyklanmanyň artýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Şu ýyl Forumyň çärelerine dünýäniň 96 ýurdundan we Russiýanyň 82 sebitinden wekiller gatnaşdy, işewürlik maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň sany 8,5 müň adam boldy

Türkmenistan Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatdaky Parahatçylyk forumyna çagyrdyTürkmenistan Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatdaky Parahatçylyk forumyna çagyrdy

Türkmenistan Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatdaky Parahatçylyk forumyna çagyrdy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Elizabette Bellonina türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýenyň adyna iberilen çakylyk hatyny gowşurdy