HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguzda döwrebap pagta çigidini gaýtadan işleýän zawodyň gurulmagy meýilleşdirilýär

Iýul 22, 2025 | 10:42 |5092
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýyllyk kuwwatlylygy 60 müň tonna bolan täze ýokary tehnologiýaly pagta çigidini gaýtadan işleýän zawody gurlar.Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýyllyk kuwwatlylygy 60 müň tonna bolan täze ýokary tehnologiýaly pagta çigidini gaýtadan işleýän zawody gurlar.
Çeşme: logistan.info

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýyllyk kuwwatlylygy 60 müň tonna bolan täze ýokary tehnologiýaly pagta çigidini gaýtadan işleýän zawody gurlar. Munuň bilen bagly halkara bäsleşigi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi yglan etdi.

Guruljak kärhana halkara hil standartlaryna laýyk gelýän pagtadan alnan ýag önümçiligine ýöriteleşer. Täze zawod oba hojalyk çig malyny düýpli gaýtadan işlemegiň ulgamynda möhüm baglanyşyk bolup, sebitde senagat infrastrukturasynyň ösdürilmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Halkara bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar resmi bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär. Tehniki wezipelerini we arza formasyny Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden aşakdaky salgy boýunça alyp bolýar: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 92-nji jaý, B-328 otag.

Goşmaça maglumatlary aşakdaky telefon belgileri arkaly alyp bolýar: (+993 12) 44-75-49, 44-75-15.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026