HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary 22 müň tonnadan gowrak ýeralmany ýygnadylar

Iýul 22, 2025 | 11:12 |4134
Balkan welaýatynyň merdana daýhanlary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň giňden bellenýän ýylynda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdilerBalkan welaýatynyň merdana daýhanlary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň giňden bellenýän ýylynda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler
Çeşme: agroinvestor.ru

Balkan welaýatynyň merdana daýhanlary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň giňden bellenýän ýylynda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu bolsa daýhan azabynyň ýerine düşendiginiň aýdyň kepilidir.

Munuň üçin daýhanlar möwsümleýin işleri gadymdan gelýän ekerançylyk ýörelgelerini häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp, ylmy esasda ýola goýdular. Häzirki wagtda welaýatyň degişli etraplarynda esasy azyklyk önümleriň biri hasaplanýan ýeralmanyň bitginli hasylyny ýygnamak işleri doly tamamlandy.

картофель в туркменистане

Ýer eýeleri hasyl ýygnamakda ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalandylar. Şunda Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek we Esenguly etraplarynyň daýhanlary göreldeli zähmet çekdiler. Netijede, olar welaýatda bu babatdaky meýilnamanyň berjaý edilmegine saldamly goşant goşdular. Şeýlelikde, welaýat boýunça 1 müň 600 gektara ekilen ýazlyk ýeralmadan 22 müň 411 tonna hasyl alnyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende aýtsak, şu günler oba hojalykçylar hasyldan boşan ýerlerde sürüm işlerini geçirip, güýzlük ýeralmanyň ekişine taýýarlyk görýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026