Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň ýolbaşçysy Moskwadaky halkara okuw seminarına gatnaşdy

Iýul 22, 2025 | 09:45 |1937
Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan gurnalan halkara okuw seminarynda gatnaşdy.Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan gurnalan halkara okuw seminarynda gatnaşdy.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy Aman Arazow 2025-nji ýylyň 15–22-nji iýun aralygynda Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen halkara okuw seminarına gatnaşdy. Bu çäre BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan gurnaldy. Seminar “Tebigy sowadyjy serişdeleri bilen howpsuz işleşmek, öňdebaryjy tejribeler we howpsuzlyk kadalary” temasy bilen geçirildi.

1

Okuwa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Nebit we gaz pudagy boýunça halkara uniwersitetiniň wekilleri hem çärä gatnaşdy. Seminar nazary sapaklary hem-de önümçilik kärhanalaryna edilen saparlary öz içine aldy.

2

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar senagat sowadyjy enjamlaryny öndürýän we ammiak (R-717) sowadyjy serişdelerini ulanýan «Индустриальные решения» kärhanasynyň iş tejribesi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, «Globus» söwda merkezindäki sowadyş ulgamlarynyň infrastrukturasyna syn edildi.

3

Saparyň dowamynda Wladimir oblastyndaky «TehnoFrost» zawodyna baryldy. Bu kärhana ýokary tehnologiýaly sowadyjy ulgamlary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän enjamlar bilen tanalýar.

18-nji iýunda gatnaşyjylar «Gidroftoruglerodlardan ýüz öwürmegiň çäklerinde sowadyjy ulgamlarda energiýa netijeliligi» atly ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat «KrioFrost» akademiýasy tarapyndan UNIDO we «Rossýuzholodprom» bilen bilelikde geçirildi.

4

Maslahatda halkara bilermenler — Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenler çykyş etdiler. Olar Monreal protokolyny, Kigali düzedişini durmuşa geçirmek boýunça tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem energiýa tygşytlaýjy standartlar we tebigy sowadyjylara geçmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw maksatnamasy üstünlikli tamamlanyp, 19-njy iýunda türkmen wekiliýeti Aşgabada dolandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026