

Belgiýanyň paýtagtyndaky COMET halkara meýdançasynda «Türkmen burçy» açyldy
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäginde, Belgiýanyň paýtagtyndaky meşhur COMET merkezinde «Türkmen burçy» atly täze medeni ekspozisiýanyň dabaraly açylyşy boldy. Bu taslama BinyamProject-iň gatnaşmagynda durmuşa geçirildi we Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda medeni diplomatiýany güýçlendirmek ugrunda täze ädim boldy



















