HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Andijan şäheri 2026-njy ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” bolar

Dekabr 01, 2025 | 00:05 |7918
Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aktau şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdyTürkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aktau şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aktau şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyk konstruktiw, işewür formatda geçirildi we Guramanyň ösüşi üçin strategik ähmiýete eýe boldy. Hemişelik Geňeş TÜRKSOÝ-yň geljekki ugurlaryny kesgitleýän birnäçe kararlary kabul etdi.

TÜRKSOÝ-yň 2026–2028-nji ýyllar üçin strategik resminamasy goldanyldy we agza döwletleriň tekliplerine esaslanýan 2026-njy ýyl üçin Iş Maksatnamasy tassyklanyldy.

Baş sekretariata Türki Döwletleriň Guramasynyň 12-nji Sammitinde kabul edilen karara laýyklykda TÜRKSOÝ-y ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamanyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy. Bu resminamanyň gutarnykly tassyklanylmagy indiki duşuşykda meýilleşdirildi.

Hemişelik Geňeş “Aktau – türki dünýäsiniň medeni paýtagty 2025” maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň dowamynda geçirilen çäreler barada Gazagystan Respublikasynyň hasabatyny diňledi.

2026-njy ýyl üçin “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen adyň gezegi Andijan (Özbegistan) geçirildi. Geňeş Andijanda geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny kabul etdi we 2026-njy ýylda şol ýerde Geňeşiň 43-nji mejlisini meýilleşdirdi. TÜRKSOÝ-yň Wagtlaýyn utgaşdyryjysynyň ygtyýarlyklary Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligine geçirildi

Türkmenistanyň duşuşyga gatnaşmagy ýurduň TÜRKSOÝ-yň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we türki dünýäsiniň ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026