HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlary zerarly Tailanda we Indoneziýa gynanç bildirdi

Dekabr 01, 2025 | 23:20 |7593
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
Çeşme: ТАСС/ Reuters

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.


2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Tailandda we Indoneziýada uzak wagtlap dowam eden güýçli ýagyşlar sebäpli soňky ýyllardaky iň güýçli suw joşmalary boldy. Tailandda tebigy betbagtçylyk ýurduň günorta welaýatlarynda bolup geçdi. Suw joşmasy onlarça adamyň pida bolmagyna, on müňlerçe adamlaryň meçbury başga ýerlere göçmegine we ulag infrastrukturasynyň hatardan çykmagyna getirdi. Indoneziýanyň Sumatra welaýatynda güýçli ýagan ýagyşlar suw joşgunlarynyň emele gelmegine we topraklaryň süýşmegine getirdi. Onuň netijesinde adamlar pida boldy, köprüler we ýüzlerçe öýler weýran boldy. Ýerli häkimiýetler işjeň ýagdaýda gözleg, halas ediş we kömek bermek işlerine başladylar, ejir çekenler üçin bolsa wagtlaýyn bolmak üçin ýerleri döretdiler.

01122025-turkmenistan-soboleznovaniya-tailand-indoneziya-navodneniya (1).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026