HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Innowasiýalaryň ýeňşi: “PECMA” startapy Aşgabatdaky Demo Day 2025 çäresiniň ýeňijisi boldy

Dekabr 01, 2025 | 17:10 |9986
Aşgabatda Demo Day 2025 — Startup Academy-niň Türkmenistanyň Halkara ylmy-tehnologiýa bilen bilelikde guran inkubasiýa maksatnamasynyň jemleýji tapgyry üstünlikli tamamlandyAşgabatda Demo Day 2025 — Startup Academy-niň Türkmenistanyň Halkara ylmy-tehnologiýa bilen bilelikde guran inkubasiýa maksatnamasynyň jemleýji tapgyry üstünlikli tamamlandy
Çeşme: StartUp Academy

Aşgabatda Demo Day 2025 — Startup Academy-niň Türkmenistanyň Halkara ylmy-tehnologiýa bilen bilelikde guran inkubasiýa maksatnamasynyň jemleýji tapgyry üstünlikli tamamlandy. 29-njy noýabrda geçirilen çäre startap esaslandyryjylaryny, bilermenleri we işewürligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýerli toparlaryň tehnologik açyşlara taýýarlygyny görkezdi.

Demo Day çäginde toparlar birnäçe aý dowam eden zähmetleriniň netijelerini hem-de taslamalary has-da ösdürmäge taýýarlyklaryny hödürlediler. Çäräniň möhüm pursady ýeňijileriň yglan edilmegi boldy — olar taslamalaryň ýokary innowasion derejesini we ulgamlaýyn işlenilişini görkezdi.

startup-academy

• Birinji ýer: Asman Hudaýkuliew — ýolbaşçylara we telekeçilere kömek bermek üçin niýetlenen akylly AI-kömekçisi - «PECMA» taslamasy bilen.

• Ikinji ýer: Dina Ýewdokimowa — türkmen medeniýetini öňe sürmäge gönükdirilen “Silk Road” özbaşdak önümleriň döredilmegini üpjün edýän toplum taslamasy bilen.

• Üçünji ýer: Askar Gurbanow — milli toý däplerini aýawly saklamak we amaly taýdan peýdalanmak üçin emeli aň integrirleýji “Arzuw AI Studio” hyzmaty bilen.

Çäre platina hemaýatkäri “Ynamdar.com”, altyn hemaýatkäri “Arçalyk” hem-de birnäçe kümüş derejeli hemaýatkärleriň gatnaşmaklarynyň netijesinde üstünlikli geçirildi. Demo Day 2025 Türkmenistanda innowasiýalara we startap-ekoulgamlara bolan gyzyklanmanyň barha ösýändigini tassyklady.

ORIENT

Goşmaça okaň:

Aşgabatda «Startup Academy» maksatnamasynyň jemleýji çäresi bolan «Demo Day» geçirildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026