Türkmenistanda Kuweýtiň täze Ilçisi resmi taýdan işe girişdi


1-nji dekabrda, duşenbe güni Aşgabatda Kuweýt Döwletiniň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwani resmi taýdan işine başlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hem öz gezeginde Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle hem şol gün Ilçi Abdulaziz Ahmad Al-Adwani Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dialogyň dowamynda taraplar türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, esasan hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň meýdançalarynda üstünlikli ösýändigini tassykladylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Kuweýt Döwletiniň wekiliýetiniň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.
Kuweýt Döwletiniň Ilçisi dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
ORIENT








