

Türkmenistanyň Prezidenti Polşanyň döwlet baştutanyny Milli Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň baştutany Anjeý Dudany Milli Garaşsyzlyk güni bilen gutlady, bu barada TDH habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň baştutany Anjeý Dudany Milli Garaşsyzlyk güni bilen gutlady, bu barada TDH habar berýär.


Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasy etraplaryň, şäherleriň, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, ýurduň çäk gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünmesi barada ozal seredilip geçilen teklipleri durmuşa geçirmek karara geldi.


Maglumat kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) ulgamynda intellektual enjamlary we düzümleýin çözgütleri dünýä derejesinde esasy öndüriji bolan Huawei kompaniýasy Türkmenistanda maglumatlary işleýän uly merkezi gurmagy maksat edinýär.


Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirligi dalaşgärler üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirmegi yglan etdi – diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.


Ýewraziýa ösüş banky «Merkezi Aziýanyň Ykdysadyýeti: täze garaýyş» atly seljerme hasabatyny çap etdi, ol öz gezeginde sebitiň täsirli özgerişi we ykdysady ösüşiniň täze garaýyşyny döretmekligi maksat edindi – diýip, bu barada ÝÖB-niň resmi web saýty habar berýär.


Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan dekabr aýynyň başynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen Russiýa tarapyndan teklip edilýän "gaz merkeziniň" taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini aýtdy – diýip “РИА Новости” habar berýär.


Ýaponiýanyň halkara taslamasynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine ýapon kitaplaryny sowgat bermek boýunça dabaraly çäre geçirildi, bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat habarynda aýdylýar.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Türkmenistanda BMGÖM-nyň edarasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlyk platformasy, II tapgyrynyň» çäklerinde duşuşyk geçirildi.


Telearagatnaşyk, we maglumat tehnologiýalary boýunça “Türkmentel — 2022” atly halkara maslahaty öz işini tamamlady. Ýöne, oňa gatnaşanlaryň aýdyşy ýaly, olar myhmansöýer türkmen topragynda kärdeşleri bilen bolan duşuşyklary uzak wagtlap ýatlarlar.


Türkmenistanda aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky karara anna güni geçirilen hökümetiň mejlisiniň barşynda döwlet baştutany gol çekdi.


Aşgabatda "TürkmenTel-2022" XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady, onuň öňüsyrasynda "Sanly çözgüt-2022" atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, forumyň dowamynda bolsa bäsleşigiň netijeleri jemlendi.


Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekdi, resminama laýyklykda döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.


Aşgabatda geçirilen "TürkmenTel-2022" XV Halkara ylmy maslahatynyň ikinji güni aragatnaşyk, kiberhowpsuzlyk we maglumatlary goramak temalaryna bagyşlandy. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmentel konferensiýasy köp ýurtlaryň wekillerini ýygnap, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmekde möhüm meseleleri gozgaýan sebitdäki möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.


10-njy noýabrda Aşgabat şäherinde açylan Telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlym enjamlary boýunça Halkara forumyň çäginde geçirilen "TürkmenTel-2022" maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň sergisinde programma üpjünçiligi, hyzmat kompaniýalary we maslahat beriş hyzmatlary boýunça innowasiýalaryň giň gerimi görkezildi.


Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi bilen duşuşdy. Diplomatlar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit meselelerine garadylar.