HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝÖB soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi baradaky hasabaty çap etdi

Noýabr 14, 2022 | 15:15 |4144
Ýewraziýa ösüş banky «Merkezi Aziýanyň Ykdysadyýeti: täze garaýyş» atly seljerme hasabatyny çap etdi, ol öz gezeginde  sebitiň täsirli özgerişi we ykdysady ösüşiniň täze garaýyşyny döretmekligi maksat edindi – diýip, bu barada ÝÖB-niň resmi web saýty habar berýär.Ýewraziýa ösüş banky «Merkezi Aziýanyň Ykdysadyýeti: täze garaýyş» atly seljerme hasabatyny çap etdi, ol öz gezeginde  sebitiň täsirli özgerişi we ykdysady ösüşiniň täze garaýyşyny döretmekligi maksat edindi – diýip, bu barada ÝÖB-niň resmi web saýty habar berýär.
Çeşme:

Ýewraziýa ösüş banky «Merkezi Aziýanyň Ykdysadyýeti: täze garaýyş» atly seljerme hasabatyny çap etdi, ol öz gezeginde sebitiň täsirli özgerişi we ykdysady ösüşiniň täze garaýyşyny döretmekligi maksat edindi – diýip, bu barada ÝÖB-niň resmi web saýty habar berýär.

Statistika maglumatlaryna görä, sebit ýurtlarynyň jemi içerki önümi 20 ýylyň dowamynda 7,5 esse artyp, $347 milliard dollar we ilatyň sany bolsa 1,4 esse köpelip, ol 77 milliona barabar boldy. Ortaça ýyllyk ykdysady ösüş ýokary dinamikany saklap — 6,2% göterime eýe boldy, şol bir wagtyň özinde beýleki ýürtlaryň ösüşi bary-ýogy 2 göterime deň boldy. Ortaça ýyllyk içerki önümiň satyn alyjylyk mümkinçilikleri 3 esse köpelip, sebitiň maýa goýumy $211 milliard dollar, daşary söwda dolanyşygy bolsa 6 esse ýokarlanyp, $165,5 milliard dollara barabar boldy.

Bankyň bilermenleriniň hasaplamalaryna görä, sebitiň güýçli depginli ykdysady ösüşiniň täsiri şulardan ybarat:

– amatly geografiki ýerleşmegi,
– eksporta gönükdirilen senagat,
– 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döwrebaplaşdyrylan we häzirki wagtda $52,8 milliard dollara deň bolan kuwwatly energiýa toplumy,
– ilatyň ykjamlylygy we Hazar deňzi ýaly durnukly ulag we logistika merkezleriniň emele gelmegi.

Şol bir wagtyň özinde esasy ykdysady bökdençlikler hem bellenip geçilýär, olaryň arasynda — deňze çykalganyň ýoklugy, suw baýlyklary bilen baglanşykly meseleleriň bolmagy we howa şertleriniň üýtgemegi bar. Şu nukdaýnazardan pes uglerodly tehnologiýalara we “ýaşyl” taslamalara maýa goýumlaryny çekmäge uly üns berilýär.

ORIENT news
Surat: fergana.agency

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026